Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar. Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty ýagtylygy ozalky 1000 nite garaňda 1200 nite ýeter. Iň ýokary HDR ýagtylygy 1600 nitde üýtgewsiz galar. iPhone 16-ň tanyşdyrylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Kämilleşdirilen ekranlardan başga-da, smartfonlaryň Pro wersiýalarynda has uly displeýler, täze Apple A18 prosessor we gapdal “Capture” düwmesi bolar. iPhone 16 we 16 Plus-yň dizaýnynda dik kamera blogy saklanyp, olarda iň az üýtgeşmelere garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir