Ýapon kinosynyň ýyldyzy Hiroýuki Sanada "Sýogun" serialyny çykaran FX ýaýlymy bilen täze şertnama gol çekdi. Munuň özi Jeýms Klawelliň adybir romany esasynda düşürilen serialyň ikinji möwsüme uzaldylyp bilinjekdigi barada çaklamaga esas berýär diýip, Deadline habar berýär. FX muny heniz resmi taýdan tassyklamasa-da, fewral aýynyň ahyrynda çykan birinji möwsümiň üstünlik gazanmagy bu barada gürrüňleri çyna öwrüp biler. Angliýaly Jek Blektornyň (Kosmo Jarwis) XVII asyr feodal Ýaponiýasynda başdan geçirenleri tomaşaçylaryň we tankytçylaryň söýgüsini gazandy. Hiroýuki Sanada hökmürowan lord Toranaganyň keşbini ýerine ýetirdi. "Sýogun" serialy Hulu akym hyzmatynda tomaşa sany boýunça rekord goýup, uly üstünlik gazandy. Serialy surata düşürmäge Reýçel Kondo we "Oskora" dalaşgär Jastin Marks ("Top Gan: Mewerik") gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir