Energiýa saklaýjy enjamlary döretmek üçin uglerodyň alternatiw çeşmelerini gözlemek bilen, alymlar towuk ýagyny superkondensatorlar üçin uglerod elektrodlaryna öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, Tech Xplore habar berýär. Täzeçil çemeleşme ýönekeý we tygşytly hasaplanýar, şeýle hem azyk galyndylaryny çig mal hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Alternatiw uglerod çeşmesini öndürmek üçin Mohan Reddy Pallawolu, Je Hak Ýung, Sang U Ju we olaryň kärdeşleri towuk ýagyny eretmek üçin gaz gorelkasyny ulandylar, soň bolsa ýagçyrada ulanylyşy ýaly, pelte usulyny ulanyp erän ýagy ýakdylar. Şondan soň alawyň ýokarsynda asylyp goýlan çüýşäniň düýbündäki gurumy ýygnadylar. Derňew onuň düzüminde uglerod esasly nanogurluşyň bardygyny görkezdi. Olar soganyň gatlaklaryny ýada salýan konsentrik grafit halkalarynyň birmeňzeş şar şekilli gözenekleridi. Uglerod nanobölejikleriniň elektrik aýratynlyklaryny gowulandyrmak üçin alymlar olary tiomoçewina (CS(NH2)2) erginine çümdürdiler. Towuk ýagyndan alnan uglerod nanobölejikleri ýokary sygymy, çydamlylygy, energiýa dykyzlygyny we güýç dykyzlygyny görkezdi. Hünärmenler täze superkodensatoryň wezipeleri hakyky wagtda ýerine ýetirip biljekdigini subut etdiler. Netijeler ekologiýa taýdan has arassa energiýa gözlemekde towuk ýagy ýaly, uglerod çeşmesi hökmünde iýmit galyndylaryny ulanmagyň potensial artykmaçlyklaryny görkezýär. Gözleg ACS Applied Materials & Interfaces žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir