16-njy dünýä çempiony, dünýä reýtinginiň lideri, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen Grand Chess Tour 2024-üň birinji tapgyry bolan Rapid & Blitz Poland ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär. Ýaryşa on küştçi gatnaşdy. Norwegiýaly türgen 26 utuk gazanyp, hytaýly grossmeýster Weý Iden 1,5 utuk öňde boldy. Belläp geçsek, Dalaşgärler ýaryşy – 2024-iň ýeňijisi Gukeş Dommaraju iň soňky orunda ýerleşdi. Rapid & Blitz Poland-yň netijesi: Magnus Karlsen (Norwegiýa) – 26 utuk; Weý I (Hytaý) – 25,5; Ýan-Kşiştof Duda (Polşa) – 19,5; Rameşbabu Pragnanandha (Hindistan) – 19; Arjun Erigaýsi (Hindistan) – 18; Nodirbek Abdusattarow (Özbegistan) – 17,5; Kirill Şewçenko (Moldowa) – 15; Aniş Giri (Niderlandlar) – 14; Winsent Keýmer (Germaniýa) – 13; Gukeş Dommaraju (Hindistan) – 12,5. Rapid & Blitz Poland ýaryşy 2024-nji ýylyň 6-njy maýyndan 13-nji maý aralygynda Warşawada geçirildi. Bu çalt küşt boýunça üç ýaryşyň birinjisi bolup, onuň umumy baýrak gaznasy 175 000 dollara barabar. Ýaryş dokuz raund çalt küşt bilen başlaýar, onuň yzyndan on sekiz raund blitz gelýär, umuman, bäş günüň içinde 135 döw geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir