Saharanyň iň gurak sebitleriniň birinde mallaryň suraty çekilen seýrek gaýa şekilleri tapyldy. Täze açyş sebitiň bir mahallar dürli haýwanlaryň ýaşan otluk, batgalyk we güzerli ýeri bolandygyny görkezýär diýip New Atlas habar berýär. Sudanyň Gündogar çölünde Müsür bilen serhetýakada gözleg geçiren arheologlar 4000 ýyllyk ýaşy bolan, gaýa çekilen suratly 16 sany täze ýeri tapdylar. Olary iň geň galdyran zat suratlaryň köpüsinde iri şahly mallara meňzeýän haýwanlaryň şekillendirmegidir. Bu haýwanlar häzirki suwsuz we öri meýdansyz Saharada asla ýaşap bilmezdiler. Şeýle-de bolsa, uly ýelinli sygyrlarynyň şekilleri, şeýle hem käbir suratlardaky sagym sagylýan pursatlar sebitde bir wagtlar maldarlaryň ýaşaýandygyny görkezýär. Suratlardan çen tutsaň, Sahara bir wagtlar howdanlary, derýalary, batgalyklary we güzerleri bolan sawanna bolupdyr. Bu, takmynan, mundan 15 müň ýyl ozal başlanan tomus musson ýagyşlarynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilen “çygly Afrika döwri” diýlip atlandyrylýan döwürde mümkin bolupdyr. B.e. öňki, takmynan, 3000-nji ýyllarda howa üýtgäp, köller we derýalar gurap başlapdyr we sebit çäge bilen örtülipdir. Sebitiň aglaba ilaty Nil derýasyna golaý süýşmäge mejbur bolupdyr, galan ilat bolsa mal bakmakdan goýun we geçi bakmaklyga geçipdirler. Öň, alymlaryň Çilidäki adamsyz diýen ýaly Atakama çölüniň astynda hakyky ýerasty dünýäni açandyklaryny gürrüň beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir