Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 20-nji maýda sagat 15:00-da 2024/2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriniň okuwçylaryny, harby bölümleriniň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary “Açyk gapylar” gününe çagyrýar. “Açyk gapylar” gününde ýaşlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi; uniwersitetde taýýarlanylýan hünär ugurlary; alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işleri; talyplaryň bakalawrlar we magistrler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler; döwrebap ýokary tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi, kitaphanasy, sport-sagaldyş toplumy we umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanşyp bilerler. Salgysy: Aşgabat şäheri, Köşi köçesiniň 100-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-16-37; 39-16-40.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir