Madridiň “Realy” La Liganyň çempion kubogyny aldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär. kubogyň gowşurylyş dabarasy klub bazasynda geçirildi, baýrak madridlileriň kapitany Naço Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň prezidenti Pedro Roçiniň elinden gowşuryldy. Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygyndaky topar La Liganyň 34-nji tapgyrynyň Kataloniýanyň “Žironasy” bilen “Barselonasynyň” arasyndaky oýnundan soň bäsdeşler üçin yzyndan ýetmezek boldy, bu oýun 4:2 hasabynda Miçeliň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýurduň çempionatynyň 34-nji tapgyryndaky oýnunda paýtagt kluby öz meýdançasynda “Kadisden” üstün çykdy. 72 654 tomaşaçynyň gatnaşmagynda “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirilen oýun ýer eýeleriniň 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. “Real” üçin bu çempionlyk tituly taryhda 36-njy boldy. Bu görkeziji boýunça madridliler ispan birinjiliginiň absolýut liderleridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir