ITHome portalynyň habar bermegine görä, Xiaomi gelşikli dizaýny, ýokary öndürijiligi we akylly aýratynlyklary özünde jemleýän täze Mijia 3 HP polüsti kondisionerini öndürdi. Enjamyň sowadyjylyk kuwwaty 1930 Wt we ýyladyş güýji 2680 Wt bolup, meýdany 25 inedördül metre çenli bolan otagda amatly mikroklimaty üpjün edýär. Kunyi bionic goşa howa kanally innowasion gurluş 160 derejä çenli burç bilen birmeňzeş howa aýlanyşygyny üpjün edýär. Ulanyjy howa üpjünçiliginiň iki düzgüninden peýdalanyp biler: “asman perdesi” we “haly şemaly”. Antibakterial we kömelege garşy süzgüçler howany netijeli arassalaýar, bakteriýalaryň we heňlemäniň ýaýramagynyň öňüni alýar. Şeýle hem, Mijia 3 HP kondisioneriň arassaçylyk işini üpjün edýän komponentleri guratmak bilen, öz-özüni arassalaýar. Kondisioneri el bilen, smartfon arkaly ýa-da Mijia programmasynyň üsti bilen ses buýruklaryny ulanyp dolandyryp bolýar. Xiaomi Mijia 3 HP-ni 5799 ýuana (takmynan 800 dollar) Hytaýda öňünden sargyt edip bolýar.