Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň mart aýy) 5,35 trillion ýena (34,4 milliard dollar) girdeji gazanandygyny mälim etdi. NHK teleýaýlymyna salgylanýan TASS-yň ýazmagyna görä, kompaniýanyň ýyllyk amaly girdejisiniň 5 trillion ýenadan geçmegi - bu Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji gezek gabat gelýän wakadyr. Bu görkeziji Toyota, Daihatsu we Hino golçur kärhanalarynyň netijelerini öz içine alýar. Ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende 96,4% ýokarlandy, bu esasan ýeniň dollara bolan gatnaşykda hümmetiniň gowşaklygy bilen baglanyşykly boldy. Konserniň arassa girdejisi hem rekord derejä ýetdi - 4,9 trillion ýena (31,5 milliard dollar). Toyota-yň 2023-nji ýylda gazanan üstünligi birnäçe faktor bilen şertlendirilýär. ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada islegiň güýçlenmegi sebäpli, global satuw 7,3 göterim ýokarlap, 10,3 million awtoulag boldy. Umumy ösüşe garamazdan, dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda Toyota awtoulaglarynyň satuwy kemeldi.