8-nji maýda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine zawodyň halkara hil görkezijilerine laýyklyk şahadatnamalary gowşuryldy. Hususan-da, ministre Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy. "Biz geljekde-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine ýardam berjek netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyrys" diýip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň hyzmatlar gullugynyň müdiri Gennadiý Mahtumowa aýtdy we «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasynyň ýokary howpsuzlyk derejesini, işgärleriň saglygynyň we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek bilen, müşderilere ýokary tehnologik çözgütleri, serişdeleridir hyzmatlary hödürlejekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir