Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etdi. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Ahal welaýatynyň ilatyna orta we kiçi synply döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-siniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdiriler. Bu awtobuslar welaýatyň ýaşaýjylarynyň gatnaw mümkinçiliklerini gowulandyrmakda ajaýyp şertleri döreder. «HIACE» we «COASTER» kysymly ýolagçy awtobuslary önümçilik birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagynda, welaýatyň ilaty üçin täze ugurlaryň ýola goýulmagynda, hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir