Mary şäheriniň içinde we Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýakynynda ýerleşýän ilatly nokatlarda hem-de etrap merkezleri bilen birleşdirýän onlarça täze ugurlarda Ýaponiýada öndürilen häzirki zaman «HIACE» we «COASTER» kysymly awtobuslaryň gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Täze amatly awtobuslaryň işe girizilmegi netijesinde ýolagçylaryň wagtlary ep-esli tygşytlanar. Mundan başga-da, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlen awtobuslar Ýolöten, Tagtabazar we Baýramaly etraplarynyň täze ugurlary boýunça hem gatnaýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir