11 ýyl ozal insultdan soň sesini ýitiren meşhur amerikan aýdymçysy Rendi Trewis Where That Came From atly täze aýdymy hödürledi. Kompozisiýanyň özboluşlylygy - onuň emeli aňyň kömegi bilen ýazylandygy bilen baglanyşykly diýip, The Verge habar berýär. Aýdymy döretmek üçin Trewisiň sesiniň 42 ýazgysyndan tälim alan nerw ulgamy ulanyldy. Soňra aýdymçynyň we onuň prodýuseri Kaýl Leningiň ýolbaşçylygynda kantri-aýdymçy Jeýms Dýupreniň ýerine ýetiren wokalyny algoritmleriň kömegi bilen Trewisiň sesine öwürdiler. Where That Came From-y çykaranyň leýblynyň Warner Music-digini bellemek gerek. Bu kompaniýa öň AI aýdymlaryny döretmek üçin meşhur sesleriň ulanylmagyny gadagan edipdi. Warner Music Nashville-iň şärikdeş prezidenti Kris Leýs bu leýblyň diňe “hakyky” döredijiligi goldaýandygyny aýtdy we bu ýagdaýda neýrosetiň ulanylmagynyň bu gezek AI-niň “ýagşynyň hatyrasyna” ulanylandygyny öňe sürdi. Where That Came From-y YouTube-dan, Spotify-dan we Apple Music-den tapyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir