Moskwada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Kremliň diwarynda ýerleşýän Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy. Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Prezidenti Wladimir Putin we beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen bilelikde gül goýdy. Gyzyl meýdançada dabaraly Ýeňiş ýörişi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň, RF-niň, Belarusuň, Gwineýa-Bisaunyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Kubanyň, Laosyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aleksandr seýilgähine tarap pyýada ýörediler. "Näbelli esgeriň ýadygärligi" ýadygärlikler toplumy 1967-nji ýylyň 8-nji maýynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir