Madridiň “Atletikosynyň”, “Çelsiniň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Diego Kosta dostlary bilen bilelikde Braziliýanyň Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň çäklerinde bolup geçen suw joşmasyndan 100-e golaý adamy halas etmäge kömek etdi. Bu barada Cadena SER habar berýär. Futbolçy türgenleşikden soň öýüne gelýärkä, kömek soran adamlar toparyna duşýar. Ol öz gidrosiklini zyýan çekenleriň ygtyýaryna berýär hem-de degişli suw ulaglary bolan dört dostuny çagyrýar. Netijede, olar suw basan ýerlerden 100-e golaý adamy çykarmaga kömek edýärler. Ýatlap geçsek, häzir 35 ýaşly Diego Kosta Braziliýada “Gremio” üçin oýnaýar. Braziliýanyň günortasyndaky suw joşmalarynyň netijesinde azyndan 67 adam ýogaldy, ýene 101 adam dereksiz ýitdi. Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň häkimiýetleriniň hasaplamalaryna görä, 69 müň adam öýünden mahrum boldy, azyndan 13 müň adam wagtlaýyn ýaşaýyş punktlarynda bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir