5-nji maýda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde 68-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Çäre bäsleşigiň You-Tube kanalynda göni ýaýlymda görkezildi. Bäsleşige gatnaşýan 37 ýurduň wekilleri, Ysraýyldan başga, haly ýodasy bilen Malmýonyň konsert toplumynda açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Ysraýyldan aýdymçy Eden Golan ýurtda milli matam güni sebäpli dabara gatnaşmady. Ýatlap geçsek, şu ýyl yklymyň esasy aýdym-saz bäsleşiginiň birinji we ikinji ýarym finallary 7-nji we 9-njy maýda geçiriler. Iň gowy ýerine ýetiriji 11-nji maýda geçiriljek finalda ses berişlik esasynda saýlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir