ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri dolandyryş müdirligi (NASA) Artemis Aý programmasynyň çäklerindäki uçuş missiýalarynyň meýilleşdirilen möhletlerini üýtgetmez. Bu barada kosmos bölüminiň wekili mälim etdi diýip, TASS habar berýär. Artemis 2 missiýasynyň çäginde adamyň Aýa ilkinji uçuşy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Artemis 3 missiýasynyň çäginde astronawtlar Ýeriň hemrasynyň Günorta polýusyna gonmagy meýilleşdirýärler. Bu missiýalar ilkibaşda degişlilikde 2022-nji we 2024-nji ýyllara meýilleşdirilipdi, ýöne seneler birnäçe gezek yza süýşürildi. Artemis Aý programmasynyň maksadynyň 2028-nji ýyla çenli adamy Aýa gondurmakdan, 2030-njy ýyllaryň ortalaryna bolsa astronawtlary Marsa ibermekden ybaratdygyny ýatladýarys. Programmanyň birinji tapgyry - Artemis 1 - eýýäm üstünlikli tamamlandy. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Orion kosmiki gämisi Aýa ekipažsyz uçuşy amal aşyrdy. Artemis Aý programmasy ABŞ-nyň 1969-njy we 1972-nji ýyllar aralygynda Aýda alty sany astronawty gondurmagy amala aşyran Apollon programmasynyň dowamydyr. Programmanyň ady hem şondan gelip çykýar: Aýyň gadymy grek taňrysy – Artemida (Artemis) ýagtylygyň hudaýy Apollonyň aýal doganydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir