Amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio daşky gurşawyň işjeň goragçysy we primatolog Jeýn Gudall bilen bilelikde “Uwwuldy” (“Вой”) atly filmi surata düşürer. Film möjek bilen itiň arasyndaky ajaýyp dostluk hakda gürrüň berer diýip, Deadline ýazýar. Kinorežissýorlar film "äpet erbet möjek" baradaky göz öňüne getirmäni ýok edip, adamlaryň möjeklere bolan garaýşyny üýtgeder we olaryň tohumynyň goralmagyna täsirini ýetirer diýip umyt edýärler. Gudall: "Möjekleriň biziň bilen bile ýaşamagynyň zerurdygyny düşündirip bileris we bu mukaddes jandarlary boluşlary ýaly görkezmegi başararys diýip umyt edýärin" -diýdi. Baş gahryman Garri atly it bolar, ol eýeleriniň pajygaly ölüminden soň ýeke galýar. Tebigatda ol möjek bilen tanyşýar hem-de olar başky gorkusyny we duşmançylygyny ýeňip, bilelikde ýaşamagy we kynçylyklary ýeňip geçmegi öwrenmeli. Filmde haýwan bilen bagly wakalardan başga-da adam keşpleri hem görkeziler. Olaryň sýužetdäki orny entek aýan edilmedi. Filmiň režissýory “Sebäp bolan” (“Порожденный”) we “Wampiriň kölegesi” («Тень вампира») filmleri bilen tanalýan Elias Merij bolar. Filmiň edebi esasyny “Temple Grandin” filminiň üstünde işlän Kristofer Monger tarapyndan ýazdy. “Uwwuldy” («Вой») Premethean Pictures we Argo Films kompaniýalary tarapyndan çykarylar. Filmi surata düşürmäge 2026-njy ýylda girişerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir