Dubaýda kenar ýakasynyň ugry bilen 72 kilometre uzap gidýän dünýäde iň uly emeli tokaý peýda bolar. Dubai Mangroves (“Дубайские мангровые леса”) diýlip atlandyrylýan bu taslama 100 million mangr agajynyň ekilmegini göz öňünde tutmak bilen, deňiz otlaryny we merjen gaýalaryny gowulandyrar, 10 000 iş ornuny döreder we sebitde ekosyýahatçylygyň ösmegine ýardam eder diýlip garaşylýar. Kömürturşy gazyny siňdirmäge ukyplydygy bilen at alan mangr jeňňelligi howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm rol oýnap, ýylda 1,23 million tonna CO2-ni özüne siňdirer, bu 260 000 sany benzinli awtoulagyň zyýanly zyňyndysyna deňdir. Tokaýyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin AI tehnologiýalary, emeli hemralar we dronlar ulanylar. Taslamanyň çäginde eko-ýodalary, welosiped we ylgaw ýollaryny, kenar dynç alyş zolagyny, seýilgähleri we birnäçe eko-merkezi döretmek meýilleşdirilýär. Taslama ýerli Urb kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär, onuň durmuşa geçirilip başlanmaly wagty entek habar berilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir