4-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat şäherine sapar bilen bardy. Bu barada Pajhok habar berdi. Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybarat boldy. Hyrat şäheriniň senagat we söwda edarasynyň müdiri Başir Muhammad Sirat türkmen wekiliýeti bilen birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutulyp, wekiliýetiň Owganystanyň senagat zolaklaryna, şeýle hem Hyratdaky mermez zawdoyna baryp görmeginiň meýilleşdirilendigini belledi. Türkmen tarapy bilen mermer we gurluşyk materiallarynyň eskporty barada gepleşikler göz öňünde tutuldy. Türkmen tarapy Hyratyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy we duşuşykda häkim Hyratda 1000-e golaý zawodyň bardygyny belläp, olaryň önümleriniň hususy pudak tarapdan amala aşyrylýandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir