2024-nji ýylda dünýäde maglumat tehnologiýalary üçin çykdajylar 5,06 trln dollardan geçer. Bu barada ABŞ-dan Gartner gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “Kommersant” gazeti habar berýär. Geçen ýyl IT üçin global çykdajylar 3,8% ýokarlanyp, takmynan, 4,7 trln dollara ýetdi. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, şu ýyl şeýle çykdajylar 8% ýokarlanyp, 5,06 trln dollara ýeter. Çykdajylaryň köp bölegi aragatnaşyk hyzmatlarynyň paýyna düşer, ol 1,6 trln dollar bolar. Ikinji orunda IT hyzmatlary bolup, olar üçin çykdajylar 1,5 trln dollar bolar. Üçünji orunda 1 trln dollardan gowrak çykdajy bilen programma üpjünçiligi ýerleşýär. Maglumat tehnologiýalary pudagyna degişli bolan gurluşlar üçin global çykdajylar 688 mlrd dollara çenli artar. Maglumatlary işleýiş merkezleri üçin çykdajylar 260 mlrd dollara barabar bolar.