Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco Aziýadaky müşderiler üçin nebitiniň iýun aýyndaky satuw bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, TASS habar berýär. Maglumatlara görä, aziýaly alyjylar üçin Arab Light söwda belgili nebitiň bahasy barreline 0,9 dollar ýokarlandy. Şeýlelikde, baha Oman/Dubai sebit bençmarklaryndan 2,9 dollar ýokary boldy. Şol bir wagtyň özünde, agentligiň habar berşi ýaly, nebiti gaýtadan işleýän kompaniýalar Aziýa üçin saud nebitiniň bahasynyň barreline 0,6 dollar ýokarlanmagyna garaşypdylar. Kompaniýa Aziýa bazary üçin nebitiniň bahasyny yzygider üçünji aý ýokarlandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir