Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. G.Mämmedowa mundan ozal Arkadag şäheriniň häkimliginiň Umumy bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýärdi. Arkadag şäheriniň öňki häkimi Ş.Durdylyýew saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir