Kofeniň yzygiderli içilmegi bagyr we aşgazan asty mäziniň rak keseliniň käbir görnüşleriniň döremek howpuny azaldyp biler. Muny derňewler görkezdi diýip, smotrim.ru habar berýär. Kofede polifenollar, ýagny öýjükleri zeperlerden goraýan, rak öýjükleriniň ösmegine päsgel berýän we hatda olaryň ölümine sebäp bolýan güýçli antioksidantlar bar. Mundan başga-da, kofede bagyrda kanserogenleri zyýansyzlandyrmaga kömek edýän fermentleriň işlenip çykarylmagyny höweslendirýän kafestol bar. Şeýle-de bolsa, kofeni, ortaça, günde 3-4 çaşkadan (300 mg kofein) köp içmezlik maslahat berilýär. Kofeden başga-da, beýleki iýmitler hem rak keseliniň howpuny azaltmaga kömek edip biler: kelem, brokkoli, gyzyl tüwi, deňiz önümleri, kod balygynyň bagry we başgalar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir