6-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragynda işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de güýzlük ekilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gowaça hem-de bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Iş maslahatynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir