2016-2017-nji ýylyň gyşynda Antarktidanyň kenaryndaky Weddell deňzinde alymlar Mod Raýz atly ullakan deşik tapdylar. Gözlegçiler ony içgin öwrenýärkäler Çehiýanyň ululygyndaky bu deşigiň ilkinji gezek 1974-nji ýylda düşürilen hemra suratlarynda gabat gelýändigini anykladylar. Şondan soň bu doňmaýan deşik wagtal-wagtal ýüze çykyp, soň ýitip gidýärdi, netijede, özüniň emele gelşiniň sebäpleri bilen bagly birgiden sowal döredýärdi. Space.com-yň habar bermegine görä, Angliýanyň Sautgempton uniwersitetiniň gözlegçiler topary Mod Raýz-yň syryny çözmek üçin emeli hemranyň düşüren suratlaryny, meteorologiýa gurallarynyň maglumatlaryny we kompýuter modelirlemelerini öwrendi. Görlüp oturylsa bu deşigiň döremegine birnäçe faktor täsir edýän eken: Weddell deňzinde akymyň güýçlenmegi: 2016-njy we 2017-nji ýyllarda doňmaýan deşik has göze ilýän mahaly deňizdäki akym adatdakysyndan has güýçli eken. Bu buzy eredýän duzly suwuň (apwelling) ýokary galmagyna sebäp bolupdyr. Suwasty Mod Raýz dagy: Doňmaýan deşigiň golaýynda suwasty Mod Raýz dagy ýerleşýär. Onuň daş-töweregindäki akymlar towlanyp akýar we çuňlukdan goşmaça duzly suwy çykarýar. Ekmanyň geçirmesi: Ýel suwuň üstki gatlagyny herekete getirýär we göni ugrundan sowýar. Bu az duzly suwy gysyp-süýşürip, doňmaýan deşigiň saklanyp galmagyna kömek edýän Ekmanyň spiraly diýlip atlandyrylýan hadysanyň emele gelmegine getirýär. Alymlaryň sözlerine görä, şeýle uly doňmaýan bölekler ýitirim bolandan soňam birnäçe ýyllap töweregindäki buzlaryň emele gelmegine täsir edip biler. Mod Raýz-yň öwrenilmegi alymlara Antarktidada bolup geçýän wakalara we onuň Ýeriň howasyna ýetirýän täsirine has gowy düşünmäge kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir