«Türkmen hemrasy» ÝGPJ aragatnaşyk operatorlaryna, teleradiokompaniýalaryna we beýleki bazara gatnaşyjylaryna «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemrasynyň kosmos bölüminiň göwrümlerine elýeterlilik berýär. Emeli hemra aragatnaşyk we sanly teleradiogoýberiş boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda NewTec Dialog HUB-yň binýadynda FSS Teleport VSAT (az enjamly terminallar) Internet toruna we korporatiw torlaryna elýeterlilik Telefoniýa hyzmatlary DTH alyp goýberiş (SCPC we MCPC) DSNG we beýlekileri hödürleýär. «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasynyň serişdeleri VSAT toruny döretmäge, şeýle hem hemranyň hyzmat çäginde edara we korporatiw torlaryny gurnamaga kömek edýär. Habarkaşmak üçin: e-mail: info@turkmenhemrasy.gov.tm / sales@turkmenhemrasy.gov.tm Tel.: +99312 92 18 36; факс: +99312 92 18 31 Saýt: www.turkmenhemrasy.gov.tm

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir