Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gyrgyzystanda «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. 2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berlen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär. Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly maglumatlary, taryhy faktlary we gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir