Şu gün Wladimir Putin bäşinji gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişer. Kasam kabul etmek dabarasy Kremlde geçiriler. Dabara birnäçe müň myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mart aýynda Russiýada geçirilen prezident saýlawlarynda Wladimir Putin sesleriň 87%-ini gazanyp, ýeňiş gazandy. Dabaraly kasam kabul edilýän günde, kanuna laýyklykda, hereket edýän hökümet wezipesinden aýrylýar. Saýlanan Prezidentiň öňünde wezipe ygtyýarlyklarynyň tamamlanandygy barada premýer-ministr Mihail Mişustin yglan eder. 7-nji maýda Ministrler Kabineti wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrar, Hökümetiň täze düzümini bolsa W.Putin dabaradan soň iki hepdäniň içinde yglan eder. Premýer-ministri Döwlet dumasy tassyklamaly. Munuň 10-njy maýda bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir