Soňky 80 ýylda Toyota kompaniýasy iň ygtybarly awtomobilleri öndürijileriň biri hökmünde abraý gazanmagy başardy, onuň awtomobilleri Birleşen Ştatlarda uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2023-nji ýylda Corolla, Camry, Tacoma we RAV4 modelleriniň öz klaslarynda iň köp satylan awtoulaglar bolmagy-da muny tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň hem beýleki brendler ýaly awtoulag eýeleri üçin mesele döredýän ulaglary bar. HotCars portaly Toyota awtomobilleriniň eýeleriniň JD Power-de, Consumer Reports-da we beýleki çeşmelerde paýlaşan maglumatlaryna esaslanyp, haýsy modelleriň ygtybarlylygynyň pesdigini anyklady. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Toyota bZ4X iň ygtybarsyz model boldy. JD Power kompaniýasynyň hünärmenleri ony mümkin bolan 100 baldan 64 bal bilen bahalandyrdylar. Bu beýleki Toyota awtoulaglarynyň ortaça görkezijisinden 10 punkt azdyr. Consumer Reports bolsa oňa has pes baha berýär – 47/100. Bu modeliň eýeleri gurnama işleriniň we transmissiýanyň hiline nägilelik bildirýärler. Şeýle-de, ýygy-ýygydan awtomobiliň elektronikasy, şol sanda maglumat-dynç alyş ulgamy, içerki kameralar, howpsuzlyk sistemalary bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar. Käbir müşderiler krossoweriň akkumulýatorynyň duralgada iki hepdäniň dowamynda zarýadsyzlanmagyndan zeýrenýärler. Soňky 20 ýylda iň ygtybarsyz Toyota 2021-nji ýylyň GR Supra sportkupesi boldy. Bu modeliň esasy meseleleri ýagyň köp sarp edilmegi we howpsuzlyk kemeriniň işi bilen baglanyşyklydyr. Taryhda iň ygtybarsyz Toyota bolsa Sienna miniweni boldy. Onuň gapy mehanizmi çalt hatardan çykýar, enjam paneli şatyrdaýar, kislorod datçigi döwülýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir