Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar institutynyň (ETH Sýurih) alymlary sülüklerden ruhlanyp, gan almak üçin täze enjam döretdiler. Täze gajet sanjymdan gorkýan adamlar üçin agyrysyz gan aldyrmakda adaty şprisleriň ornuny tutar. Enjam hassanyň derisine berkidilýän 2,5 sm diametrli sorujy arkaly işleýär. Sorujynyň içinde polatdan ýasalan, üstünden basylanda derä sanjylýan mikroiňňeler bar. Işläp taýýarlaýjylar: “Sülükleri öwrenmek bilen, gan almakda şuňa meňzeş ulgamy ösdürip biljekdigimize düşündik "- diýdiler. Doňuzlarda geçirilen synaglar täze gajetiň şprise garanda agyrysyzdygyny we az wagtyň içinde has köp gan almaga mümkinçilik berýändigini görkezdi. Şeýle hem enjam has ygtybarlydyr: gany sorup alandan soň, mikroiňňeler sorujynyň içinde gizlenýär we tötänleýin sünjülmek howpuny aradan aýyrýar. Alymlar gyzzyrma ýaly tropiki kesellere garşy göreşde öz oýlap tapyşlarynyň peýdasynyň degjekdigini aýdýarlar. Gözleg toparynyň ýolbaşçysy Nikol Zoratto enjamy pes girdejili sebitlerde, esasanam, Saharadan günortada Afrika ýurtlarynda ulanmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Häzirki wagtda alymlar enjamy mundan beýläk adamlarda barlamak görmek üçin, kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir