Suratly bokallar özüň üçin hem, ýakynlaryň üçin hem ýakymly sowgat bolup biler. FotoLab ykjam goşundysy onlaýn mümkinçilikleriniň sanyny barha giňeldýär. Indi ykjam goşundynyň üsti dürli görnüşdäki bokallara surat çap etdirip bolýar. Munuň üçin FotoLab ykjam goşundysyny Google Play-dan ýa-da App Store ýükläp alyp, “Fotosuwenirler” bölüminden “Bokalda çap etmek” diýen ýerden göwnüňize ýaran bokaly saýlamaly. Isleýän suratyňyzy ykjam goşunda ýüklemeli. Soňra “Sebede” geçip, sargyt etmeli. Ýakynda FotoLab-da islendik suraty telefon çehollaryna çap edip bolýandygy barada hem habar beripdik. Munuň üçin bar gerek zat – telefonyň modelini saýlamak we haýsy suraty çap etmek isleýändigiňizi karar bermek. FotoLab ykjam goşundysy şeýle hem Aşgabadyň çäginde pasport, wiza, işe girmek, talyp şahsyýetnamasy, ygtyýarnamalar we şahsyýetnamalar üçin gerek bolan fotosuratlary gerek bolan ölçegde onlaýn sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär. Has giňişleýin öwrenmek üçin wideo serediň. FotoLab ykjam goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we App Store

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir