Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons ýarym agyr agram derejesinde guşagyň eýesi Braziliýadan Aleks Pereýra bilen duşuşmak isleýär. Bu barada ol sosial sahypasynda mälim etdi diýip, "Çempionat" habar berýär. «Stipe bilen duşuşykdan soň, Pereýra bilen tutluşyk meniň indiki ädip biljek iň uly ädimim bolar. Bu ganhor eýýäm ençeme çempiony ýeňdi we dünýäde millionlarça adam üçin taryhy söweşiji hasaplanylýar. Onuň bilen geçirjek söweşim UFC-niň geçirip biljek iň iri çäresi bolar diýip hasaplaýaryn», – diýip, Jons ýazdy. Jons 29 sany professional söweşlerinde 27 gezek ýeňiş gazandy (10 sany nokaut), bir gezek ýeňildi. Pereýrada 10 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir