Super gahrymançylykly “Kapitan Marwel 2” we “Flash” blokbasterleri, şeýle hem Indiana Jons hakyndaky franşizanyň soňky bölümi 2023-nji ýylyň iň şowsuz blokbasterleri diýlip yglan edildi. Olar kassa ýygymynda hem studiýalaryna ýüzlerçe million dollar ýitgi çekdirdi diýip, Deadline-na salgylanýan RG.ru ýazýar. Býujeti 270 million dollar (umumy çykdajysy 455 million dollar) bolan “Kapitan Marwel 2” bary-ýogy 218 million dollar girdeji gazandy we Disneý-e 237 million dollar ýitgi çekdirdi. Film ilkibaşdan tomaşaçylary gyzykdyryp bilmedi. Tankytçylaryň synlary dürli-dürli boldy we döredijiler şowsuzlygyň sebäbini aktýorlaryň iş taşlaýyşlaryndan gözlediler. Býujeti 200 million dollar (umumy çykdajysy 405 million dollar) bolan “Fleş” bary-ýogy 250 million dollar gazanyp, Warner Bros. Discovery -niň çeken ýitgisi 155 million dollar. Köp sanly dawa-jenjeliň gahrymanyna öwrülen baş keşbi janlandyran aktýor Ezra Milleriň negatiw keşbi filmi ýürekgysgynç edip, tomaşaçylary özünden daşlaşdyrdy. Paramount Pictures-iň uly umyt baglan Indiana Jons hakyndaky jemleýji filmi hem garaşylýan netijäni bermedi. 220 million dollar býujet bilen (umumy çykdajylary 516 million dollar) 277 million dollar gazandy, studiýa bolsa 143 million dollar ýitirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir