2023-nji ýylda köp sanly baýraklara, şol sanda The Game Awards-da ýylyň oýny adyna eýe bolan Baldur’s Gate 3 oýny 2025-nji ýylyň başynda iPhone bilen iPad-da elýeterli bolar. Bu barada Dame Tech blogeri X sosial ulgamynda habar berdi. Oýnuň Apple M çipleri bolan iPad Pro, şeýle-de iPhone 15 Pro üçin çykmagyna garaşylýar. Baldur’s Gate 3 çykýança, bazarda iPhone 16 Pro we Pro Max hem peýda bolar. Şonuň üçin onuň hem bu oýny goldamagy ähtimal. Baldur’s Gate 3-üň iOS-a adaptirlenmegi Apple kompaniýasynyň öz flagman gurluşlary üçin eksklýuziw AAA-oýunlaryny hödürlemegi giňeltmek strategiýasynyň bir bölegidir. Bu kompaniýa täze auditoriýany çekmäge we iPhone hem iPad-yň satuwyny artdyrmaga mümkinçilik berer. iOS üçin Baldur’s Gate 3-üň reliziniň resmi anonsy iPhone-16-nyň tanyşdyrylyşynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň güýzünde bolmagy-da mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir