Amerikaly alymlar ediakariýa döwründe Ýeriň magnit meýdanynyň gowşamagynyň durmuşyň çalt ösmegi üçin katalizator bolup biljekdigi baradaky täze teoriýany öňe sürdüler. Bu barada "The Nature Communications Earth & Environment" žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar diýip, Anadolu gullugy ýazýar. Jon Tardunonyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler Braziliýadaky 591 million ýyllyk gaýalardan tapylan gadymy plagioklaza kristallarynyň magnit aýratynlyklaryny seljerdiler. Netijeler bu kristallaryň häzirki basyşdan 30 esse gowşak atmosfera basyşynda emele gelendigini, munuň bolsa şol döwürde Ýeriň magnit meýdanynyň ep-esli gowşak bolandygyny görkezdi. Alymlaryň bellemegine görä, magnit meýdanynyň bu gowşaşmagy takmynan 26 million ýyl (591-den 565 million ýyl ozal) dowam edipdir we Ýer togalagynda biodürlüligiň ep-esli ýokarlanan ediakariýa döwrüne gabat gelipdir. Ozal muňa atmosferadaky kislorodyň derejesiniň ýokarlanmagy itergi berendir diýip hasaplanýardy. Täze teoriýa Ýeriň magnit meýdanynyň gowşamagynyň zarýadly bölejikleriň kosmosa zyňylmagyna sebäp bolandygyny, bu bolsa öz gezeginde atmosferada kislorod döretmek üçin zerur himiki reaksiýalary stimulirländigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir