Alymlar tarapyndan geçirilen täze hasaplamalar howanyň üýtgemegi boýunça Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmek we XXI asyryň ortalaryna global maýlamany 1,5 derejä çenli çäklendirmek üçin her ýyl atmosferadan 5,1 milliard tonna CO2-ny çykarmalydygyny görkezýär diýip, TASS ýazýar. Bu ozal pikir edilişinden ep-esli köpdür we başda meýilleşdirilişi ýaly, zyňyndylaryň kem-kemden nola çenli azaldylmagynyň ýeterlik däldigini aňladýar. Beýik Britaniýanyň Gündogar Angliýa uniwersitetiniň (UEA) klimatolog alymlarynyň pikirine görä, dünýäniň ýurtlary CO2-ni sorup almagyň we saklamagyň tehnologiýalaryny ösdürmek we ornaşdyrmak üçin tagallalary işjeňleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny mümkin boldugyça çalt azaltmaga çalyşmalydyr. Gözlegçiler dürli hili çemeleşmeleri seljerip, zyňyndylary azaltmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilendäki iň optimistik çaklamada-da her ýyl atmosferadan 3,2 milliard tonna CO2 çykarylmaly bolar diýen netijä geldiler. Bu maksatlara ýetmek täze tehnologiýalary ösdürmekde we ornaşdyrmakda ep-esli maýa goýumlaryny, şeýle hem giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny talap eder. 2015-nji ýylda gol çekilen Pariž klimat şertnamasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen halkara şertnamadygyny ýatladýarys. Ylalaşygyň maksady global temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende 1,5-2 gradusa çenli çäklendirmek. Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge maýa goýmaga borçlandylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir