Hytaýyň BYD awtoöndürijisi şu ýylyň aprel aýynda we 2024-nji ýylyň başyndan bäri awtomobil satuwy boýunça maglumatlary hödürledi. Kompaniýa geçen aýda 313 245 awtoulag satmagy başardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 48,96% köpdür. 2024-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýa 939 508 awtomobil satdy, ösüş 23,24%-e barabar boldy. Bu barada ixbt.com portaly belleýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynda BYD 41 011 sany “täze energiýaly” ýolagçy awtomobilini satdy. Görkezilen aýda “täze energiýaly” awtomobillere oturdylan akkumulýatorlaryň we akkumulýator batareýalarynyň umumy kuwwaty 12,559 GWt/s, 2024-nji ýylda umumy oturdylan kuwwat bolsa, takmynan, 42,295 GWt/s barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, Tesla-nyň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde awtomobil üpjünçiligi 387 müň birlik boldy. Başgaça aýdylanda, BYD aprel aýynda tas Tesla-nyň üç aýda satan awtomobilini satdy.