BMW nemes kompaniýasy içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriniň atlaryndan i harpyny aýyrmak kararyna geldi. Bu barada markanyň uly wise-prezidenti Bernd Kerber aýtdy diýip, gazeta.ru belleýär. Harpdan ýüz öwürmek baradaky karar bulaşyklygyň öňüni almak üçin kabul edildi. Öň, BMW öz elektrokar hataryny şeýle atlandyrypdy. Şeýlelikde, i harpy bilen hem benzin awtoulaglary, hem elektrik awtoulaglary aňladyldy. Netijede, kompaniýa d postfiksini dizel hereketlendirijili awtoulaglar, e harpyny gibridler we i harpyny elektrokarlar üçin goýmak kararyna geldi. BMW-niň benzin awtomobilleriniň adynda i harpy 70-nji ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. Ol ýangyjy hereketlendirijä bermegiň inžektor sistemasynyň bardygyny aňladýardy. Kompaniýa indi bu adyň hiç hili manysynyň ýokdugyny, sebäbi karbýuratorly awtoulaglaryň indi çykarylmaýandygyny belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir