Niderlandlaryň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän Philips kompaniýasy ABŞ-da saglyga zyýan ýetirmekde nägileligini bildiren ýüzlerçe adamyň talap-arzasyny kanagatlandyrmak üçin 1,1 milliard dollar sarp etjekdigini habar berdi. Arzalar häzirki wagtda bütin dünýäde yzyna gaýtarylyp alynýan, uky apnoesini bejermeklige niýetlenen kemçilikli enjamlar bilen baglydyr diýip, Waşington Post gazetine salgylanýan RG.ru habar berýär. Kompaniýa günäni boýun almady, ýöne talapçylar bilen ylalaşyk gazandy. Maliýe serişdeleriniň bir bölegi bu enjamlary ulanmak bilen töwekgelçilige uçran hassalaryň talaplarynyň öwezini dolmaklyga gönükdiriler. 2021-nji ýyldan başlap Philips 5 milliondan gowrak enjamy yzyna çagyrdy, munuň sebäbi wagtyň geçmegi bilen dargap biljek köpügiň zyýanly ownuk bölejikleri we bugy ulanyjy uklap ýatyrka onuň dem alyş ýollaryna düşüp biler. Enjamlary bejermekde we çalyşmakda gijä galynmagy hassalaryň we düzgünleşdiriji edaralaryň arasynda nägileligiň döremegine sebäp boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen baglaşylan şertnama taryhda lukmançylyk enjamlaryny iň uly yzyna çagyryş bilen bagly meseläni çözmek üçin ädilen ýene bir ädimdir. Şu aýyň başynda Philips ABŞ-yň hökümeti bilen uky apnoe maşynlarynyň önümçiligini üýtgetmegi wada berip, şertnama baglaşdy. Şeýle hem şertnama kompaniýadan näsaglaryň yzyna gaýtaran enjamlaryny çalşyp bermegi ýa-da öwezini dolmagy talap edýär. ABŞ-nyň Azyk önümleri we derman serişdeleri müdirligi (FDA) köpük bölejiklerinden dem almagyň kelleagyra, demgysma, allergiki täsirlere we saglyk bilen ýagly beýleki kynçylyklara sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.