Çarşenbe güni, 1-nji maýda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy onlaýn görnüşde auksion (bäsleşikli söwda) geçirer. Bu barada TmCars-a amerikan diplomatik wekilhanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminde habar berdiler. Auksionda ilçihananyň Administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksion https://online-auction.state.gov/ saýtynda onlaýn görnüşde geçiriler. Auksiona gatnaşmak isleýänler web sahypasynda öz profilini döredip, web sahypada ýazylan auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwlaryň hemmesi gutarnykly bolmak bilen, önümler auksionda görkezilen ýagdaýynda berler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir