Amerikanyň Neoplants biotehnologiýa başlangyjy otag ösümlikleriň howadaky zyýanly maddalary özüne siňdirmek ukybyny 30 esse ýokarlandyrýan täze tehnologiýany döretdi diýip, New Atlas ýazýar. Neo PX ulgamy Epipremnum altynsowyň (muňa Mermer şa aýaly Potos ýa-da Iblisiň çyrmaşygy hem diýilýär) topragyna emeli usulda ösdürilip ýetişdirilen bakteriýalary goýbermek usulyny ulanýar. Modifisirlenen mikroblar içerdäki howany umumy hapalaýan benzol, toluol we ksilol ýaly, uçýan organiki birleşmeleri özüne siňdirýär. Olar haly, mebel, boýag, arassalaýjy serişdeler we beýleki öý materiallaryndan bölünip çykýar. Işläp düzüjiler Neo PX ösümlikleri kadaly ideg edilmegini talap edýärler: yzygiderli suwarmak we ýeterlik ýagtylyk.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir