Polşanyň Poznan şäherindäki Adam Miskewiç uniwersitetiniň (AMU) kitaphanasynda doganlar Ýakob we Wilgelm Grimmleriň şahsy kolleksiýasyndan olaryň golýazma belliklerini saklaýan 27 sany asyl nusgadaky tom tapyldy. Bu barada Daily Mail habar berýär. Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýitirilen diýlip hasaplanan Grimmleriň kitaphanasyndan tomlaryň gözlegi ýarym ýyla golaý wagt dowam etdi. Tapylan kitaplarda doganlaryň “Genzel we Gretel” hem “Rumpelştilshen” ýaly hekaýalar üçin mowzuklary nähili saýlap alandyklaryny alymlara düşündirip biljek golýazma ýazgylary bar. “Gözlegçiler bu ýazgylaryň doganlar Grimmleriň mirasyny öwrenmek üçin gymmatlydygyny, sebäbi olaryň doganlaryň iş usuly we mowzuk saýlaýşy barada düşünje berip biljekdigini belleýärler” – diýip, gazet ýazýar.