Miu Miu fransuz brendi modalar dünýäsinde hökmüni ýörediji derejesini nobatdaky gezek subut etdi. Bu brend Lyst portalynyň wersiýasy boýunça iň meşhur brendleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Personal maslahatlar portaly bolan Lyst internet ulanyjylarynyň gözleg isleglerini seljerip, fashion-senagatynyň iň meşhur şahslarynyň, brendleriň we wakalaryň her çärýek üçin reýtingini düzýär. Analitikleriň bellemegine görä, bu çärýekde Miu Miu brendine gyzyklanma 8% artdy. Bu eýýäm Miu Miu brendiniň Prada we Loewe ýaly moda ägirtlerini yzda galdyran üçünji ýyly. Bu ugurda esasy orny wirus derejesinde meşhurlyk gazanan birnäçe önümler, şol sanda New Balance birleşigiň netijesinde dörän 530 Sl Sneaker krossowkalary eýeleýär. Bu krossowkalar sanlyja sagatlaryň içinde satylyp gutardy. Iň meşhur moda brendleriniň sanawynda ilkinji orunlary şeýle hem Bottega Veneta, Saint Laurent, Moncler we Versace eýeledi.