“Dýuna: 2-nji bölüm” ("Дюна: Часть 2") fantastik blokbasteri dünýä kinoteatrlaryna dabaraly ýeňiş ýörişini dowam etdirýär. Variety-niň habar bermegine görä, Deni Wilnýowyň filminiň gazanan puly 700 million dollardan geçdi. Film ABŞ-da 278,3 million dollar we halkara sebitlerinde 422,3 million dollar girdeji gazandy. Frenk Herbertiň romanynyň film uýgunlaşmagynyň üstünligi Legendary studiýasynyň “Messiýa” ("Мессия") atly trikwelini çykarmagyna itergi berdi. Universal we DreamWorks studiýalarynyň “Kung-fu Panda 4” ("Кунг-фу Панда 4") animasion filmi hem dünýäde 503,5 million dollar (ABŞ-da 185 million dollar we halkara sebitlerde 318,5 million dollar) girdeji gazandy. “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” ("Годзилла и Конг: Новая империя") epiki blokbasteri döredijilere 519,3 million dollar (ABŞ-da 181,6 million dollar we daşary ýurtlarda 337 million dollar) girdeji getirdi. Bu filmleriň üstünlikleri pandemiýa çökgünliginden soň güýçli kassa ýygymyna gaýdyp gelinýändigini aňladýar. "Dýuna 2" Pol Atreýdesiň monumental hekaýasynyň dowamydygy bilen tomaşaçylary gyzyklandyrdy, "Kung-fu Panda 4" we "Godzilla we Kong" bolsa olara ýatdan çykmajak ajaýyp başdan geçirmeleri hödürledi. “Kung-fu Panda” franşizasynyň 2008-nji ýylda ilkinji çykyşyndan bäri jemi 2,3 milliard dollar girdeji gazanandygyny bellemelidiris.