Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň astronomlary bizden bary-ýogy 120 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän K2-18b planetasynda ýaşaýyş bolup biler diýip hasaplaýarlar. Planeta öz ýyldyzynyň ýaşap boljak zolagynda ýerleşýär we her 33 günden bir gezek onuň daşyndan aýlaw edýär diýip, Daily Mail ýazýar. Hubble kosmos teleskopy arkaly alnan maglumatlar öň K2-18b-iň atmosferasynda suw buglarynyň bolandygyny görkezýärdi. Soňra Jeýms Uebb teleskopy ondaky dimetilsulfidi - Ýer ýüzünde, esasan, janly organizmler tarapyndan öndürilýän gazy tapdy, ony, esasanam, umman fitoplanktony bölüp çykarýar. Uebb planetany gözegçilikde saklamagyny dowam etdirer. Alymlar zerur maglumatlary ýygnap, ýakyn wagtda öwrenip başlarlar, ýöne derňewler birnäçe aý dowam eder. Gipotezalar tassyk bolsa, K2-18b ýaşap boljak ekzoplanetanyň ornuna esasy dalaşgär bolar. Käbir alymlar planetanyň ummany gaýnadyp biljek ýokary temperaturasyna salgylanyp, şübhe bildirýärler, beýlekiler hatda K2-18b-iň suw däl-de, läbik ummany bilen örtülip biljekdigine ynanýarlar. Alymlara bu meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin wagt gerek bolar.