Honor brendi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazarynyň lideri boldy. Muňa IDC analitiki kompaniýasynyň hasabaty şaýatlyk edýär. Birinji çärýekde Hytaýda smartfon satuwy 69,3 mln birlige ýetip, 6,5% ösüş gazandy. Şol bir wagtda Honor smartfonlarynyň satuwy görnetin artyp, ýyllyk aňlatmada Android bazarynyň ösüşini 9,3% üpjün etdi. Honor-yň üstünligini brendiň önümleriniň giň toplumynyň hem-de emeli aňyň öňdebaryjy funksiýalary bilen üpjün edilen Magic 6 seriýasynyň netijesi hasaplaýarlar. Satuwy boýunça ikinji orny Huawei eýeledi, ondan soňra Oppo, Apple we Vivo gelýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir