Alymlar bakteriýalaryň kömegi bilen altyn çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar. Täze usul Sibir Federal Uniwersitetiniň (SFU, Krasnoýarsk) we Demirgazyk-Gündogar Federal Uniwersitetiniň (DGFU, Ýakutsk) alymlary tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümi bilen bilelikde işlenip düzüldi diýip, TASS habar berýär. Gözlegiň awtorlarynyň sözlerine görä, bu usul agressiw himiki serişdeleri ulanmaga esaslanýan adaty usullar bilen deňeşdirilende, ekologiýa taýdan arassa we tygşytlydyr. Bu usulda ulanylýan adaty bolmadyk bakteriýalar Krasnoýarsk sebitiniň altyn ýataklarynda tapyldy. Olar magdan käni birinji gezek gaýtadan işlenenden soň alnan köpçülikleýin konsentratdan altyn we surma mineral galyndylaryny çykarmaga ukyply. Häzirki wagtda alymlar ezilen magdanlaryň we suwuň garyndysyndan ybarat gurşawda işläp bilýän bakteriýalaryň iň amatly ştamlaryny saýlaýarlar we ösdürýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir