Owganystanyň Hyrat welaýatynda "Nur-ul-Jehad" bekedini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek işleri tamamlanyp gelýär. Bu barada Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) energetika kompaniýasy Türkmenistanyň halkara energetika taslamalary boýunça ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen geçiren duşuşygynda belledi. Işleriň tamamlanmagy kompaniýa podstansiýanyň kuwwatlylygyny 70-den 110 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny ep-esli artdyrar. Garaşylyşy ýaly, munuň özi welaýatda müňlerçe sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu taslama Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça has iri möçberli başlangyjyň bir bölegi bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen tarapy ýurdumyzy Owganystan bilen birleşdirýän birnäçe elektrik geçiriji ulgamlaryny gurdy. Häzirki wagta çenli Türkmenistan Owganystanyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklarynyň 20%-ini üpjün edýärdi. Daryo agentliginiň habar bermegine görä, Owganystan elektrik energiýasynyň 80%-ini Merkezi Aziýadan we Eýrandan import edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir