Golliwudyň aktrisasy Nikol Kidman kino sungatyna goşan önjeýli goşandy üçin Amerikanyň film instituty (AFI) tarapyndan 49-njy hormat sylagyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Los-Anželesde geçirildi diýip, Film.ru ýazýar. Kidman “Oskar”, “Emmi”, “Altyn globus”, BAFTA, Berlin film festiwalynyň “Kümüş aýy” baýraklarynyň we beýleki abraýly baýraklaryň ýeňijisi. Karýerasyna 1983-nji ýylda başlady. Öndümli karýerasynyň dowamynda aktrisa “Mulen Ruž!” («Мулен Руж!»), “Sagat” («Часы»), “Giňden ýumlan gözler bilen” («С широко закрытыми глазами»), “Ullakan kiçijik ýalan” («Большая маленькая ложь»), “Hatyrasyna ölmek” («Умереть во имя»), "Beýlekiler" («Другие»),"Dogluş" («Рождение»),"Dogwill" («Догвилль») we beýlekiler ýaly 70-den gowrak filmde we serialda baş keşbi janlandyrdy. Aktrisany abraýly baýragy bilen gutlamaga kärdeşleri we dostlary, şol sanda Meril Strip, Naomi Watts, Morgan Friman we Riz Uzerspun dagylar geldiler. Üstünlikleriň täsirli sanawyna garamazdan, Kidman ýetilen sepgit bilen kanagatlanmak islemeýär. Ýakynda onuň gatnaşmagynda “Ekspatlar” («Экспаты») serialy çykdy we tiz wagtdan ol “Maşgala gatnaşyklary” («Семейное дело») romkomynda, “Erbet gyz” («Плохая девочка») trillerinde, “Iň oňat jübüt” («Идеальная пара») (Netflix) serialynda we beýleki taslamalarda hem peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir